“Azerbaýjan, Öz Territoriasynda Degişli Çäreleri Görmäge Mejbur Boldy”

Türkiýe, Garabagdaky antiterror operasiýasyny “Azerbaýjanyň öz territoriasynda degişli çäre görmegi” hökmünde häsiýetlendirdi.

2039640
“Azerbaýjan, Öz Territoriasynda Degişli Çäreleri Görmäge Mejbur Boldy”

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Garabagdaky ermeni ýaragly güýçleriniň, Azerbaýjanyn harby goşunyna we howpsuzlyk güýçlerine garşy uzak wagtdan bäri guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigi nygtalyp, Azerbaýjanyň harby goşunynyň şol hüjümlere garşy diňe ýaragly güýçleri nyşana alýan antiterror operasiýasyny başladandygy ýatladyldy.

Beýannamadai 2020-njy ýyldan II Garabag söweşiniň bes edilen gününden bäri Azerbaýjanyň meseläni gün tertibine getirýändigi emma aladalarynyň ortadan aýrylmandygy bellenildi.

Beýannamada, “Azerbaýjan, öz territoriasynda degişli çäreleri görmäge mejbur boldy” diýildi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda geçirilýän gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin ýeke-täk ýoldygyna ynanýarys”

 

 

 

 



Degişli Habarlar