Prezident Erdogan ABŞ-na Gider
Prezident Erdoganyň käbir ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen özara duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.
2038115

Prezident R. T. Erdogan, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ABŞ-na gider.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan, Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin sentýabr aýynyň 16-20-i aralygynda ABŞ-na gider.
Prezident Erdogan 19-njy sentabýda BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş eder.
Prezident Erdoganyň Nýu-Ýorkda käbir ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen özara duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.
Degişli Habarlar

Türkiýe, Yraga Gynanç Bildirdi
Türkiýe, Yrakda bagt öýünde bolan ýangynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.