Türkiýe, Marokkoda Bolan Ýer Titremesi Sebäpli Gynanç Bildirdi

“Dost we doganlyk ýurt Marokkonyň halkyna we hökümetine uly gynanç bildirýäris"

2035181
Türkiýe, Marokkoda Bolan Ýer Titremesi Sebäpli Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Marokkoda bolan 7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Al Huz etrapçasynda bolan köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan ýer titremesine uly gynanç bildirildi.

Beýannamada, “Dost we doganlyk ýurt Marokkonyň halkyna we hökümetine uly gynanç bildirýäris, ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara şypa dileýäris” diýildi.

Beýannamada, Türkiýäniň, Marokko goldaw bermäge taýardygy nygtaldy.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar