Ýene-de 3 PKK Terrorçusy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
“Penje-Gulp” operasiýa zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýene-de 3 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Yragyň demirgazygyndaky “Penje-Gulp” operasiýa zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýene-de 3 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada; “Esgerlerimizi şehit eden dönüklerden hasap soramaga dowam edýaris” diýilýär.
Beýannammada Yragyň demirgazygyndaky “Penje-Gulp” operasiýa zolagynda anyklanan ýene-de 3 PKK terrorçusynyň howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edilýär.
Beýannamada; “Şeýlelikde dünden bäri sebitde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçularyň sany 7-ä ýetdi. Terrorçylar haýsy deşige girselerem, gutulgysyz netijeden halas bolmazlar” diýilýär.
“Penje-Gulp” operasiýa zolagynda PKK terrorçularynyň çarşenbe agşamy od açmagy netijesinde 6 esger şehit bolupdy.
Degişli Habarlar
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagy Sebäpli 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi
Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.