Penje-Gulp Operasiýa Zolagynda 5 Esger Şehit Boldy
Yragyň demigazygyndaky “Penje-Gulp” operasiýa zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň agzalarynyň od açmagy netijesinde 5 esger şehit boldy.
Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada od açylmagy netijesinde pyýada leýtenanty Fatih Ugur Altynbaş we hünärmen Seržant Kemal Özbegiň şehit bolandygy, 3 esgeriň ýaralanandygy habar berildi.
Ýaralanan esgerleriň dessine hassahana getirilendigi, ýaraly esgerlerden pyýada hünärmen Onbaşy Ugur Özdemir, pyýada esger Mahmut Üçdag we pyýada hünärmen SXeržant Özkan Laleniň hassahanada görülen ähli çärelere garamazdan şehit bolandygy beýan edildi.
Beýannamada, sebitde operasiýalaryň dowam edýändigi, ýogalan esgerlere alladan rehnet, gussaly hossalaryna, Türk ýaragly güýçleri bilen asylzada türk milletine duýgudaşlyk bildirilip, sabyr dilendi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.