Erdogan şäher öwrülişigi bilen bagly beýannama berdi

Prezident Erdogan şäher öwrülişigi bilen baglanşykly Türkiyede 6,5 million ýaşaýyş jaýyny tiz wagtda gurmagy maksat edinýändiklerini habar berdi

2022977
Erdogan şäher öwrülişigi bilen bagly beýannama berdi

Kahramanmaraşdaky Şäher öwrülişiginiň köpçülikleýin düýbüni tutma dabarasyna Prezidentiň kompleksinden göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşan Prezident Erdogan eden çykyşynda, Asyryň betbagtçylygy bolan 6-njy fewraldaky güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeden zyýan çeken welaýatlarda ilkinji ýylyň içinde 319 müň ýaşaýyş jaýyny gurup, eýelerine gowşurmagy maksat edinýändiklerini mälim etdi. 

Mundan başgada ýer titremede zyýan gören welaýatlarda şäheriň meýdançalaryny hökümet bolup gurjakdyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Şeýlelik bilen her şäherimizde asyrlar boýy ýaşajak merkezler gurarys. Ýer titremäniň ýumuran şäherlerimizi infrastrukturasy we ýokary gurluşy bilen has owadan, has çydamly, has giň ýadaýda gurarys" diýip belledi. 

Başdan geçirilen her apatyň görülmeli çäreleri gaýtadan ýatladýandygyny aýdan Erdogan, şübhesiz şol çäreleriň başynda şäher öwrülişiginiň bardygyny habar berdi. 

Erdogan: "Türkiyede 6,5 millin ýaşaýyş jaýyny tiz wagtda gurmagy maksat edinýäris. Olary tamamlan mahalymyz şäherlerimiz hem owadanlaşar hem-de ýer titremä çydamly bolar" diýip belledi. 



Degişli Habarlar