Türkiye Şwesiýada Erdoganyň nyşana alynyp amala aşyrylan meçew bermeleri ýazgardy

Beýanatda Şwesiýanyň hökümetiniň terror guramasy PKK-nyň we onuň şahalarynyň aksiýalaryna böwet bolmak ugrunda öz üstüne alan jogapkärçilikler ýatladyldy

2020706
Türkiye Şwesiýada Erdoganyň nyşana alynyp amala aşyrylan meçew bermeleri ýazgardy

Türkiye Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň tarapdarlarynyň Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň nyşana alynyp amala aşyrylan meçew bermelere rugsat berilmegini berk ýagdaýda ýazgardy. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Stokgolm şäherinde 5-nji awgustda geçirilen aksiýalaryň birinde, PKK bilen baglanyşykly bir toparyň terror guramanyň simwollary bilen propoganda geçirmegine we hormatly Prezidentimize garşy amala aşyrylan betpäl aksiýalara rugsat berilmegini iň berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýip habar berildi. 

Beýanatda Şwesiýanyň hökümetiniň terror guramasy PKK-nyň we onuň şahalarynyň aksiýalaryna böwet bolmak ugrunda öz üstüne alan jogapkärçilikler ýatladyldy. 



Degişli Habarlar