Türkiyäniň Daşary işler ministri amerikaly we ukrainaly kärdeşleri bilen söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan amerikaly we ukrainaly kärdeşleri bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş boldy

2020711
Türkiyäniň Daşary işler ministri amerikaly we ukrainaly kärdeşleri bilen söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Hakan Fidan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Entoni Blinkeniň talabyna laýyklykda geçirilen telefon söhbetdeşliginde, Günorta Kawkazdaky wakalar we şol çäkde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky kadalaşma tapgyry, Gara deňiz Galla başlangyjynyň ýaňadandan dikeldilmegi, Gara deňiziň howpsuzlygy we NATO-nyň giňelmegi ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan şeýle hem Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde Gara deňiz Galla başlangyjynyň ýaňadandan janlandyrylmagy üçin edilip bilinjek ädimler ele alyndy. 



Degişli Habarlar