Türkiýe Ýewropa Berk Reaksiýa Bildirdi

Ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşykly adamlar Ýewropanyň adam hukuklary kazyýetiniň Fransiýanyň Strazburg şäherinde ýerleşýän binasyna girdiler.

2020274
Türkiýe Ýewropa Berk Reaksiýa Bildirdi

PKK-nyň ýaranlary kazyýetiň öňünde terroryň esgilerini göterip, Türkiýä garşy şygarlar aýtdylar.

Türkiýe waka berk reaksiýa bildirdi. Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada; “PKK bilen arabaglanşykly toparlar soňky döwürde esasanda ÝEwropada günsaýyn artýan güýç ulanmaga, dürli halkara guramalaryň binalaryna  zor bilen girip, terror propogandasyny geçirmekden çekinmeýärler” diýilýär.

Ýewropa ýurtlaryna hem reaksiýa bildirilýän beýannamada; “PKK-nyň esasanda Ýewropa ýurtlarynda söz we demonstrasiýa gurama azatlygy saýawanyň aşagynda propoganda işleri bilen bilelikde aksiýalaryny erkin bilen guramagyna rugsat berilmegi, guramanyň şeýle hukuksyz we agressiw aksiýalary guramagyna şert döredýär” diýilýär.

Ýewropa Geňeşiniň binasynyň öňünde dowameden demonstrasiýalar we aksiýalar  boýunça Türkiýäniň görkezen garşylyklary ýatladylyp; “Ýewropada terror guramasy PKK-nyň propoganda, maliýe we ýaran toplama işleriniň bes edilmegi hakyndaky çagyryşymyzy ýene-de bir gezek gaýtalaýarys” diýilýär.

Adalat ministri Ýylmaz Tunç hem sosial media hasabyndan beren habarnamasynda terror propogandasynyň öňüni alynmazlygyny masgaraçylyk hökmünde häsýetlendirip; “ÝB-niň başda durmagynda halkara guramalarynyň terror guramasy hökmünde ykrar edýän guramasynyň propogandirlenmegine ýol berilmegi hukuksyzlykdyr” diýip, ýazdy.



Degişli Habarlar