Şu gün Fetullahçy terror guramasynyň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynyň 7-nji ýyly

Şu gün mundan 7 ýyl ozal FETÖ tarapyndan hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygy başdan geçirilipdi

2011574
Şu gün Fetullahçy terror guramasynyň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynyň 7-nji ýyly
15 temmuz 1.jpg

Türkiye Respublikasynyň milli jebisligine we bütewiligine kast etmek niýeti bilen ýurdy garaňkylyga salmak isleýän FETÖ-niň agzalary, 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyny amala aşyrdylar. 

Türk demokratiýasyny nyşana alan şol hyýanatçylykly synanyşyk, türk halkynyň demokratiýany we saýlanan ygtyýaryny goramak üçin epiki garşylygy bilen yzyna serpikdirdi. 

Ýurduň köp edarasyna, esasan hem harby we howpsuzlyk güýçlerine aralaşyp, hakyky amallaryny 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda aýan eden FETÖ-niň ganly agdarlyşyk synanyşygy, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çagyryşyna laýyklykda Türkiyäniň dört künjeginde demokratiýa eýe çykmak üçin meýdanlary dolduran raýatlaryň goldawy bilen puja çykdy. 

Türk milletiniň edermenligi we tutanýerliligi bilen gazanylan bu ýeňiş, dünýäde ozal görlüp-eşidilmedik ruh ýagdaýyny we demokratiýa düşünjesini orta goýdy. 

Taryha şöhratly garşylyk hökmünde geçen bu göreşde, Türkiyäniň çar tarapynda meýdanlara çykan we özlerini tanklaryň, oklaryň öňüne oklan 253 watanperwer şehit boldy.

Türkiye 15-nji iýul ýeňişiniň 7-nji ýylynda watan we baýdak ugrunda gözüni gyrpman janyny beren ähli şehitlerini uly hormat bilen hatyralap geçýär. 

Ýeňiş bilen netijelenen bu manyly garşylyk we göreş ruhuny jemgyýetiň aňynda hemişe janly saklamak maksady bilen 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni her ýyl biri-birinden tapawutly çäreler bilen ýatlanyp geçilýär. 



Degişli Habarlar