Prezident Erdogan NATO sammitinden soň metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Erdogan: "Terrora garşy emmasyz we rehimsiz göreş biziň gyzyl çyzygymyzdyr. Indi ähli ýaranlarymyzdan bu meselede tutanýerli we aýdyň çemeleşmä garaşýarys" diýip belledi

2010518
Prezident Erdogan NATO sammitinden soň metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Litwanyň paýtagty Wilnýusde geçirilen NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitinden soň metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Prezident Erdogan çykyşynda: "Käbir ýaranlarymyzy PÝD/ÝPG bilen ýola goýan ýoýlan gatnaşyklary alýansyň jebisligine we bütewiligine zyýan ýetirýär. Onyň esasly we logiki hiç hili düşündirişi ýok" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan: "Terrora garşy emmasyz we rehimsiz göreş biziň gyzyl çyzygymyzdyr. Indi ähli ýaranlarymyzdan bu meselede tutanýerli we aýdyň çemeleşmä garaşýarys" diýip habar berdi. 

Galla geçelgesi bilen baglanşykly Prezident Erdogan: "Ukrainanyň Döwlet baştutany hormatly Wladimir Zelenskiý başlangyjyň tarapdary, Russiýanyň Döwlet baştutany hormatly Wladimir Putiniň bolsa käbir teklipleri boldy. Şol teklipleri göz öňünde tutup, çözgüde gönükdirilen iş alyp barýarys" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan: "Russiýa-Ukraina taraplary biziň araçylygymyzy teklip etseler ýa-da kabul etseler uly hoşallyk bilen olar ýaly araçylygy kabul ederis" diýip belledi. 

Erdogan: "Her iki goňşymyz bilen bolan ýakyn diýalogymyzy başlangyjyň uzadylmagy we krizisleriň çözgüde ýetirilmegi üçin ulanmagy dowam etdireris. Hemişe aýdyp geçişimiz ýaly uruşda ýeňiş gazanan, parahatçylykda bolsa ýeňilen tarap ýokdyr. Sebitimizde parahatçylyk umytlarynyň ýaňadandan pyntyklamagyny isleýäris" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan Türkiyäniň NATO-nyň açyk gapylar syýasatyny hemişe goldan bir ýurt bolandygyny belläp: "Häzirki wagta çenli hiç bir ýurduň alýansa girmegini ýönekeý sebäpler bilen garşy bolmadyk" diýip aýtdy. 

Erdogan Şwesiýanyň NATO-nyň düzümini girmegini tassyklajak guramanyň, milli ygtyýaryň wekili Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisidigini beýan etdi. 

Prezident Erdogan Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagy bilen baglanşykly bolsa: "Adamlaryň mukaddesliklerine hüjüm etmek pikir azatlygy däldir, wagşyçylykdyr, sowatsyzlykdyr, terrorçylykly aksiýanyň bir görnüşidir" diýip belledi. 

BMG-nyň Adam hukuklary geňeşinde Gurhany ýakmak aksiýasyny ýazgarmak kanun taslamasy babatynda bolsa Prezident Erdogan: "Kanun taslamasynda red eden ýurtlar, azatlyk we adam hukuklary düşünjesini gözden geçirmelidirler" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar