Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Milli howpsuzlyk guramasy ekstremistr terror guramasy PKK-nyň Yrak boýunça howpsuzlykdan jogapkär diýilýän Hasan kodly Jelal Kaýany Yragyň Süleýmaniýe şäherinde täsirsiz ýagdaýa getirdi.

2007307
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä 2019-njy ýylyň 17-nji iýulynda Yragyň Erbil şäherinde türk diplomaty Osman Kösäniň şehit edilen aksiýasyny guraýjy bolan terrorçy Kaýanyň uzak ýyllardan bäri Yragyň demirgazgynda iş alyp barýandygy anyklandy.

Ekstremist guramanyň ýurduň içinde we daşynda alyp arýan işlerini guran Kaýanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň Yragyň demirgazygynda operasiýa geçirýän Türk ýaragly güýçleriniň bölümlerine terror guramasy PKK tarapyndan guraljak aksiýalardan öň maglumat ýygnamak, türk döwlet gullukçylarynyň zamun alynmagy boýunça terror aksiýalarynyň meýilleşdirilmegi boýunça işleýändigi anyklandy.

Terrorçy Kaýa, Yragyň Süleýmaniýe şäheriniň çetki etraplaryndan birinde Milli howpsuzlyk guramasy tarapyndan guralan operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 



Degişli Habarlar