Prezident Erdogan Şri-Lankaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Şri-Lankanyň Prezidenti Ranil Wikremesinghe, Prezident Erdogany gaýtadan bu wezipä saýlanmagy bilen gutlady.

2006987
Prezident Erdogan Şri-Lankaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, Şri-Lankanyň Prezidenti Ranil Wikremesinghe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Şri-Lankanyň Prezidenti Ranil Wikremesinghe telefon söhbetdeşliginde Prezident Erdogany gaýtadan bu wezipä saýlanmagy bilen gutlady.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Şri-Lankanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 75 ýyllygy mynasibetli özara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy barada pikir alyşdy.



Degişli Habarlar