Prezident Erdogan käbir daşary ýurtlaryň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan käbir daşary ýurtlaryň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2005157
Prezident Erdogan käbir daşary ýurtlaryň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, BAE-niň Döwlet baştutany Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan, Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmud, Alžiriň Prezidenti Abdülmejid Tebbun bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliklerinde liderler biri-birlerini Gurban baýramlary bilen gutlap, baýramyň Türk dünýäsi, Yslam älemi başda bolmak bilen bütin adamzada asudalyk we bereket getirmegini dilediler. 

Erdogan Tokaýew bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Gazagystanyň Abaý sebitinde başdan geçirilen tokaý ýangynlary sebäpli gynanç bildirip, Türkiyäniň sebitde geçiriljek işler babatynda zerur bolan goldawy bermäge taýardygyny habar berdi. 

Somaliniň Prezidenti Mahmud bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan Erdogan Somalide syýasy ylalaşygyň we asudalyk gurşawynyň ýola goýulmagy maksady bilen alynyp barylýan köptaraplaýyn tapgyra ýakyndan gözegçilik edýändigini belläp: "Size berýän goldawymyz dowam eder" diýip mälim etdi. 

Alžiriň Prezidenti Tebbun bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Prezident Erdogan Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň soňky maslahatynda kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly tapgyra ýakyndan gözegçilik edýändigini belläp: "Size berýän goldawymyz dowam eder" diýip belledi. 



Degişli Habarlar