Prezident Erdogan, Esgerleriň Gurban Baýramyny Gutlady

“Şeýle merkezleriň gurulmagy terrora garşy göreşde biziň güýjümize güýç goşar. Size doly ynanýarys”diýdi.

2004510
Prezident Erdogan, Esgerleriň Gurban Baýramyny Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Eýran serhedinde ýerleşýän Tendürek harby merkezindäki esgerleriň Gurban baýramyny gutlady.

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, Wan welaýatyna guran iş saparynyň çäginde Tendürek harby merkezine bardy.

Harby merkezdäki esgerler bilen duşuşan ministr Ýerlikaýa, telefon arkaly Prezident Erdogana iş sapary hakynda maglumat berdi we Gurban baýramyny gutlady.

Prezident Erdogan hem Ýerlikaýanyň telefonyndan esgerleriň Gurban baýramyny gutlap, “Şeýle merkezleriň gurulmagy terrora garşy göreşde biziň güýjümize güýç goşar. Size doly ynanýarys”diýdi.

 



Degişli Habarlar