Daşary işler ministri Londonda saparda bolýar

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiyäniň tatar türkleriniň gadymy watany bolan Krym bilen birlikde Ukrainanyň garaşsyzlygynyň, özbaşdaklygynyň we territorial bütewiliginiň üpjün edilmegi babatynda tutanýerlidiklerini beýan etdi

2002908
Daşary işler ministri Londonda saparda bolýar

Beýik Britaniýanyň ýer eýeçilik etmeginde Londonda geçirilen " 2023 Ukrainany gowulandyrmak konferensiýasyna" gatnaşan Hakan Fidan beýannama berdi. 

Türkiyäniň çemeleşmesiniň hemişe bolşy ýaly ýörelgeli we tutanýerli bolmaga dowam edýändigini aýdan Hakan Fidan, söweşiň weýran ediji ykdysady netijelerine garşy çäre görýän Ukrainany goldajakdyklaryny habar berdi. 

Hakan Fidan: "Türkiye tatar türkleriniň gadymy watany bolan Krym bilen birlikde Ukrainanyň garaşsyzlygynyň, özbaşdaklygynyň we territorial bütewiliginiň üpjün edilmegi babatynda tutanýerlidir" diýip habar berdi. 

Hakan Fidan: "Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ukrainadaky söweşiň sebäp bolan netijelerini ýeňilleşdirmek üçin arman-ýadaman iş alyp barýar. Galla ylalaşygyndan ýesir düşen esgerleriň çalşygyna çenli. Indi bolsa Ukrainanyň durnukly ýagdaýda ýaňadandan dikeldilmegine we gowulanmagyna goşant goşmak üçin maliýe çarçuwasynyň dizaýn edilmeginiň üstünde işlemegimiz gerek" diýip mälim etdi. 

Hakan Fidan Türkiyäniň Ukrainanyň ýaňadandan dikeldilmegi ugrunda öňbaşçy ýurtlaryň biridigini belläp: "Uruşyň başlanmagyndan bäri türk işewür adamlar Ukrainada 3,2 milliard dollarlyk 50 taslamany durmuşa geçirýär" diýip beýan etdi. 

Prezident Erdogan bilen Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň arasynda 2022-nji ýylyň 18-nji awgustynda ýaňadandan dikeltmek ugrundaky hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekilendigini aýdan Hakan Fidan: "Türkiye bu ugurdaky ähli bilýänlerini we tejribesini Ukrainanyň ýaňadandan dikelmegine kömek bermek üçin sarp etjekdigi barada söz berdi" diýip belledi. 

Beýleki tarapdan bolsa Hakan Fidan konferensiýanyň çäginde köp sanda daşary ýurtly kärdeşi bilen duşuşyklar geçirdi. 

Hakan Fidan konferensiýanyň çäginde Daniýanyň Daşary işler ministri Lars Lokke Rasmussen, Italiýanyň Wise-premýeri we daşary işler ministri Antonio Tažani, Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok we Awstriýanyň Daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşyk geçirdi. 

Ministr Hakan Fidan şeýle hem Fransiýanyň Daşary işler ministri Ketrin Kolonna, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Jeýms Klewerli, Kanadanyň Halkara galkynyş ministri Harjit Sajjan, Horwatiýanyň Daşary işler we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç Radman we Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba bilen duşuşyk geçirdi. 



Degişli Habarlar