Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinde çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan konstitutsiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklibi ýaňadandan Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň garamagyna hödürlejekdiklerini habar berdi

1996338
Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinde çykyş etdi

Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň täze düzümi bilen düýn Prezidentiň kompleksinde maslahat geçirdi. 

Maslahatdan soň beýanat beren Prezident Erdogan, şenbe güni ýurduň içinden we daşary ýurtlardan 5 müňden gowrak myhmanyň gatnaşmagynda wezipä başlamak dabarasyny geçirendiklerini ýatladyp: "Dabaramyza esasan hem daşary ýurtlardan gatnaşygyň ýokary bolmagy ýurdumyz taýdan bizi buýsandyrdy" diýip belledi. 

Şatlykly günlerde bolşy ýaly kyn günlerde hem goldawlaryny dowam etdirýän Türkiyäniň hakyky dostlaryna ýurduň we milletiň adyndan minnetdarlygyny bildirýändigini aýdan Prezident Erdogan: "Müňlerçe kilometr alysdan gelip, goldaw bermeklerini hiç wagt ýatdan çykarmajakdygymyzy bilmeklerini isleýärin" diýip habar berdi. 

Täze döwürde halka beren sözleriniň ýerine ýetirilmegi üçin ýakyndan gyzyklanjakdyklaryny aýdan Prezident Erdogan, saýlawdan ozal gün tertibe getiren  konstitutsiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklibi ýaňadandan Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň garamagyna hödürlejekdiklerini habar berdi.

Energetika bilen bagly göçümlerini dowam etdirjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan, maýa goýum, önümçilik, eksport, iş üpjünçiligi we ösüş ýaly ugurlar boýunça egilşik etmän Türkiyäniň ykdysadyýetini has hem güýçlendirjekdiklerini mälim etdi. 

Prezident Erdogan: "Inflýasiýa bagly ýaşaýyşy gymmatlygy we aşa baha meselesini ähli taraplaýyn milletimiziň gün tertibinden çykarmakda tutanýerlidiris" diýip nygtady. 

Erdogan söweşden we terror guramalarynyň hüjümlerinden gaçyp, Türkiyä sygynan bosgunlaryň howpsuz, meýletin we mertebeli ýagdaýda Ata Watanlaryna gaýdyp gitmeklerini höweslendirjekdiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar