Prezident Erdogan, NATO-nyň Baş sekretaryny Kabul Etdi

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçen kabul edilşik 1 sagada golaý dowam etdi.

1995149
Prezident Erdogan, NATO-nyň Baş sekretaryny Kabul Etdi

 

Prezident Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltelbergi Stambulda Dolmabahçe köşgünde kabul etdi.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçen kabul edilşik 1 sagada golaý dowam etdi.

Kabul edilşikde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesiniň seljerlendigi nygtaldy.

Kabul edilşige Daşary işler ministri Hakan Fidan, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler we Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem gatnaşdy.

NATO-nyň Baş sekretary kabul edilşikden soň metbugata beýanama berdi.

Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde Türkiýäniň käbir aladalarynyň bardygyny aýdan Stoltenberg, “Bu aladalara düşünýäris, Şwesiýa aladalaryň ortadan aýrylmagy üçin uly tagalla etdi” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary, Türkiýäniň, Şwesiýanyň we NATO-nyň wekilleriniň 12-nji iýunda duşuşjakdygyny belledi.

 



Degişli Habarlar