Prezident Erdogan Hindistana gynanç bildirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Hindistanyň Odişa ştatyndaky otly heläkçiliginde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna, Hindistanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirdi

1995239
Prezident Erdogan Hindistana gynanç bildirdi

Prezident Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Hindistanyň Odişa ştatynda başdan geçirilen otly heläkçiliginde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna, Hindistanyň halkyna we hökümetine, öz adymdan we milletimiň adyndan gynanç bildirýärin, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileýärin. Türkiye bu pajygaly wakada Hindistanyň ýanyndadyr" diýip habar berdi. 

2-nji iýunda Hindistanyň Odişa ştatynda 2 ýolagçy we 1 ýük otlusynyň çakyşmagy netijesinde bolan otly heläkçiliginde 294 adam ýogalypdy, 1000-den gowrak adam ýaralanypdy. 



Degişli Habarlar