Türkiye türk balykçylyk gämisine Siriýanyň režimi tarapyndan od açylmagyny ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi türk balykçylyk gämisine Siriýanyň režimi tarapyndan od açylmagyny ýazgardy

1992391
Türkiye türk balykçylyk gämisine Siriýanyň režimi tarapyndan od açylmagyny ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç, türk balykçylyk gämisine halkara suw giňişliginde Siriýanyň režiminiň howpsuzlyk güýçlerine degişli gämiler tarapyndan od açylmagy baradaky soraga jogap berdi. 

Tanžu Bilgiç: "Adana Karataş portyndan deňize çykan Mahmutjan-1 atly türk balykçylyk gämisine halkara suw giňişliginde barýarka Siriýanyň režiminiň howpsuzlyk güýçlerine degişli 2 gämi tarapyndan düýn 28-nji maýda od açylmagyny we şonuň netijesinde 2 raýatymyzyň ýeňil ýagdaýda ýaralanmagyny, gämide maddy zyýanyň çekilmegini ýazgarýarys" diýip habar berdi. 

Tanžu Bilgiç halkara suw giňişliginde başdan geçirilen we Samandag Respublikan Baş prokuraturasy tarapyndan derňelýän şol gynandyryjy hadysa bilen bagly ýakyndan gyzyklanjakdyklaryny mälim etdi.



Degişli Habarlar