Daşary ýurtlarda ses bermek işleri şu gün tamamlanar

Türkiyede 2023-nji ýylyň 28-nji maýynda geçiriljek Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin daşary ýurtlardaky wekilhanalarda ses bermek işleri şu gün tamamlanar

1990199
Daşary ýurtlarda ses bermek işleri şu gün tamamlanar

Saýlawyň 2-nji tapgyrynda ses bermek üçin bellige alynan 3 million 423 müň 759 saýlawçynyň 1 million 763 müň 973-i daşary ýurtlardaky wekilhanalarda we gümrük geçelgelerinde ses berdi. 

Ýokary Saýlaw Geňeşiniň saýlawlar üçin kesgitlän senenemasyna görä daşary ýurt saýlaw sanawynda hasaba alynan saýlawçylaryň ses berip bilmekleri üçin dünýäniň 73 ýurdundaky 151 wekilhanasynda 167 nokatda saýlaw sandygy goýuldy. 

Ýokary Saýlaw Geňeşiniň senenamasyna görä 20-nji maýda başlan ses bermek işleri şu gün tamamlanar. 

Daşary ýurt saýlaw sanawynda hasaba alynan saýlawçylar ýaşaýan ýerlerinde ýerli wagt bilen sagat 22:00-a çenli saýlaw merkezine baryp, ses berip bilerler. 

Beýleki tarapdan gümrük geçelgelerinde bolsa 28-nji maý sagat 17:00-a çenli ses bermek işleri dowam eder. 

Daşary ýurtlarda ses bermek işleri tamamlananyndan soň, sesler Ýokary Saýlaw Geňeşiniň kesgitlän usullar bilen, ýokary howpsuzlyk çäreleriniň astynda, diplomatik kurýerler bilen Türkiyä getiriler. 

Daşary ýurtlardaky saýlawçylaryň beren sesleri Türkiyede 28-nji maý ýekşenbe güni sagat 17:00-a çenli ses bermek işleriniň tamamlanmagyndan soň beýleki saýlaw sandyklary bilen birlikde açylar. 



Degişli Habarlar