Şyrnakda PKK-ly 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

2 günde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1987578
Şyrnakda PKK-ly 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Şyrnagyň Bestler Dereler etrapçasynda başladylan operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, sosial mediadan beren habarnamasynda, Şyrnagyň Bestler Dereler etrapçasynda başladylan operasiýada  2 günde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini nygtady.

Ministr Soýlu "Şehitlerimiziň gany ýerde galmady. Terror dolulygyna ýok edilýänçä göreşimiz dowam eder” diýdi.

Şyrnagyň Bestler Dereler etrapçasynda başladylan operasiýada  3 esger şehit bolupdy, 1 oba sakçysy hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar