Türkiýäniň 73 Ýurtdaky Wekilhanasynda Saýlaw Merkezi Açylar
Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynda Türkiýäniň 73 ýurtdaky wekilhanasynda saýlaw merkezi açylar.
28-nji maýda geçiriljek Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynda Türkiýäniň 73 ýurtdaky wekilhanasynda saýlaw merkezi açylar.
Daşary işler ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda, prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynda daşary ýurtlarda açyljak saýlaw merkezleri hakynda maglumat berildi.
Habarnamada, daşary ýurtlarda ýaşaýan we bellige alynan türk raýatlarynyň 20-nji maýdan başlap 73 ýurtda, Türkiýäniň 151 wekilhanasynda we 167 saýlaw merkezinde ses berip biljekdigi nygtaldy.
Türk raýatlary gümrük geçelgelerinde bolsa maý aýynyň 20-28-i aralygynda ses berer.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlary Ýokary saýlaw geňeşiniň “yks.gov.tr” salgysyndan mesele hakynda giňişleýin maglumat edinip bilner.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.