Şyrnakdan Şehit Habary Geldi

Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 3 žandarm işgäri şehit boldy, 1 oba sakçysy hem agyr ýaralandy.

1987144
Şyrnakdan Şehit Habary Geldi

 

Şyrnak welaýatynyň Bestler Dereler etrapçasynda düýn başladylan operasiýada ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 3-e ýetdi.

Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 3 žandarm işgäri şehit boldy, 1 oba sakçysy hem agyr ýaralandy.

İçeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, Şyrnak welaýatynyň Bestler Dereler etrapçasynda ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň, Atak hüjüm dikuçarynyň, howa güýçleriniň we oba sakçylarynyň gatnaşmagynda geçirlen operasiýada düýn 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýannamada, “dowam edýän operasiýanyň çäginde şu gün terrorçylar bilen bolan çaknyşykda ýene-de 2 trrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelikde operasiýada häzire çenli 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 3 žandarm işgäri şehit boldy, 1 oba sakçysy hem agyr ýaralandy. Sebitde operasiýalar dowam edýär” diýildi.



Degişli Habarlar