Erdogan 1-nji maý Zähmetkeşler we raýdaşlyk güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan 1-nji maý Zähmetkeşler we raýdaşlyk güni mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde: "Türkiye Asyryny siz bilen bilelikde gurarys" diýip nygtady

1981336
Erdogan 1-nji maý Zähmetkeşler we raýdaşlyk güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi
erdogan 1 mayis paylasim.jpg
erdogan.jpg

Prezident Rejep Taýýip Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda güzeranyny kapitan bolup gören zähmetkeş bir kakanyň ogludygyny ýatlatdy. 

Ýaşlyk ýyllarynda Stambulda işgär bolup zähmet çekendigini aýdan Prezident Erdogan: "Zähmet çekmegiň, der dökmegiň, dostlaryň bilen bir döwüm çöregi paýlaşmagyň şatlygyny örän gowy bilýärin. Ýurdumyza syýasat arkaly hyzmat etmek göreşimizde şol köklerimizi we nireden gelendigimizi hiç wagt ýatdan çykarmadyk. Hemişe siziň hakyňyzy bermäge çalyşdyk. Ençeme ýyllap hyýanatçylykly peýdalanylan 1-nji maýy siz üçin dynç alyş güni hökmünde yglan etdik, sözüň doly manysynda Zähmetkeşleriň baýramyna öwürdik" diýip habar berdi. 

Guramaçylyk, kärdeşler arkalaşyklarynyň haklary, aýlyklar bilen birlikde işgärleriň saglygy we howpsuzlygy ugrunda möhüm işler amala aşyrandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Näme eden bolsak bilelikde amala aşyrdyk, bilelikde başymyzdan geçirdik, egin-egine durup kynçylyklaryň hötdesinden geldik. Nesip bolsa Türkiye Asyryny siz bilen bilelikde gurarys" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan ähli işgärleri 1-nji maý Zähmetkeşler we raýdaşlyk güni bilen gutlady. 



Degişli Habarlar