“Akguýu, Türkiýe Bilen Russiýanyň Arasyndaky Iň Uly Maýa Goýum Taslamasy”

Erdogan, Türkiýäniň atom elektrik bekedine eýe bolan ýurtlaryň hataryna goşulandygyny aýtdy.

1980350
“Akguýu, Türkiýe Bilen Russiýanyň Arasyndaky Iň Uly Maýa Goýum Taslamasy”
putin.jpg

 

Prezident R. R. Erdogan, Türkiýäniň atom elektrik bekedine eýe bolan ýurtlaryň hataryna goşulandygyny aýtdy.

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Mersindäki Akguýu atom elektrik bekedine ilkinji ýangyjyň getirilmegi mynasibetli geçirlen dabara wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Erdogan, howa we deňiz ýoly bilen desga ilkinji ýangyjyň getirilmegi bilen birlikde Akguýynyň atom elektrik bekedi statusyna eýe bolandygyny belledi.

Prezident Erdogan “Ýewropa Komissiýasynyň, atom energetikany “ýaşyl energetika” hökmünde kabul etmeginden soň biz hem Akguýy bilen ýurdumyzy bu özgerlişigiň bir bölegine öwürdük” diýdi.

Erdogan “Akguýu, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky iň uly maýa goýum taslamasydyr” diýdi.

Prezident Erdogan “Desga 2028-nji ýyla çenli dolulygyna ulanylmaga berler. Ýurdumyzyň jemi elektrik importynyň 10 göterimi desga arkaly üpjün ediler. Desga doly mümkinçilikde açylandan soň ýylda ortaça 35 milliard kilowat sagat elektrik togyny öndürer” diýip belledi.

Erdogan “Akguýu, tebigy gaz importymyzyň aşaklamagyna ýylda 1,5 milliard dollarlyk goşant goşar. Taslama, milli girdejimiziň ýokarlamagyna hem uly goşant goşar” diýip belledi.

Desganyň açylyş dabarasyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hem “Türkiýe indi dünýäde atom elektrik bekedine eýe bolan ýurtlardan biri boldy. Türkiýäniň we Russiýanyň taryhynyň iň uly taslamalaryndan biri bolan Akguýu atom elektrik bekedi, ýurtlarymyzyň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da ösmegine itergi berer” diýdi.

Putin, “Iki ýurdy biri-biriniň bazarlarynda we syýahatçylyk pudagy boýunça ýakyndan gatnaşyk etmegi üçin höweslendireris we munyň üçin uçar saparlarynyň sanynyň artdyrylmagy barada karar kabul etdik” diýdi.



Degişli Habarlar