HÜRŽET Ilkinji Uçuşyny Amala Aşyrdy

Erdogan "HÜRŽET ilkinji uçuşyny üstünlikli ýagdaýda amala aşyrdy. Bu üstünlik Türkiýe asyryna sowgat bolsun” diýdi

1979300
HÜRŽET Ilkinji Uçuşyny Amala Aşyrdy

 

Türk awiasiýa we kosmos senagaty firmasy TUSAŞ tarapyndan ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürlen Türkiýäniň ilkinji reaktiw hereketlendirijili tälim we ýeňil hüjüm uçary HÜRŽET ilkinji uçuşyny amala aşyrdy.

Prezident R. T. Erdogan, sosial mediadan beren habarnamasynda, “Ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürlen ilkinji reaktiw hereketlendirijili tälim we ýeňil hüjüm uçary HÜRŽET ilkinji uçuşyny üstünlikli ýagdaýda amala aşyrdy. Bu üstünlik Türkiýe asyryna sowgat bolsun” diýdi.

Prezident Erdogan habarnamasynda, HÜRŽET-iň ilkinji uçuşy hakyndaky wideo ýazgylara hem ýer berdi.

HÜRŽET taslamasy T-38 uçarlary bilen F-5 uçarlarynyň ýerine Türk Howa güýçleri serkerdeligi üçin taýarlanmaga başlandy.



Degişli Habarlar