TBMM-niň Başlygy Şentop Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Şentop, kärdeşleriniň we halklarynyň Oraza baýramyny gutlady

1977906
TBMM-niň Başlygy Şentop Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, 4 ýurduň mejlisiniň we senadynyň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

TBMM-den berlen beýannama görä, Şentop Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Geňeşiniň başlygy Nurlanbek Şakiýew, Marokkonyň Wekiller mejlisiniň başlygy Rajhid Talbi Alami, Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal milli geňeşiniň başlygy Sagr Hobaş we Kataryň Şura mejlisiniň başlygy Hassan bin Adullah al Hanim bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mejlisiň başlygy Şentop, kärdeşleriniň we halklarynyň Oraza baýramyny gutlap, baýramyň musulman älemi we ähli adamzat üçin düşümli bolmagyny arzuw etdi.

Şentop kärdeşleri bilen geçiren telefon söhbetdeşliklerinde özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda hem pikir alyşdy.



Degişli Habarlar