Türkiýe Ysraýyla Berk Garşylyk Görkezýär

Ysraýylyň düýn ýary gije Gaza garşy başladan hüjümine türk syýasatçylary berk garşylyk görkezdi.

1971277
Türkiýe Ysraýyla Berk Garşylyk Görkezýär
ibrahim kalin.jpg
kilicdaroglu.jpg
numan kurtulmus.jpg

Ysraýylyň iki gün Aksa metjidini gabaw astyna almagyndan soň düýn ýary gije Gaza garşy başladan hüjümine türk syýasatçylary berk garşylyk görkezdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, sosial mediadan beren habarnamasynda “Her ýyl remezan aýynda bolşy ýaly Ysraýylyň harby uçarlary ýene Gazany bombalaýar. Ysraýylyň adamkärçilige we hukuga bap gelmeýän hüjümini berk näletleýärin. Adamzadyň bu zulumy ýeňjekdigine ynanýarn. Adalat we palestinanyň halky elbetde üstünlik gazanar. Gazaly doganlarymyz üçin doga edýäris we goldaw berýäris” diýdi.

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem sosial mediadan beren habarnamasynda “Ysraýylyň Gaza guraýan hukuga we ahlaga bap gelmeýän hüjümlerini näletleýäris” diýip “Ysraýylyň hökümeti birnäçe günden bäri bilkastlaýyn dowam edýän zulum syýasatyndan gyssagly ýüz öwürmeli. Palestinanyň halkyna goldaw bermäge dowam edýäris. Bu zulum elbetde ortadan aýrylar” diýdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili Numan Kurtulmuş bolsa, “Gabaw, embargo we gabaw astyndaky Gaza remezan aýynda Ysraýylyň döwlet terrorynyň nyşany bolýar. Bigünä palestinalylar, sionist ganhorlar tarapyndan bombalanýar. Musulman dünýäsiniň başda durmagynda halkara jemgyýetçiligi şol hüjümler meselesinde dymýar. Terror döwletiň Ysraýylyň hüjümleri gyssagly bes edilmeli” diýdi.

Respubikan halk partiýasynyň başlygy we Millet arkalaşygynyň Prezidentlige dalaşgäri Kemal Kylyçdaroglu hem hüjümi berk ýazgardy.

 



Degişli Habarlar