Erdogan: "Gara deňiziň gazynyň oduny Filýosda ýakarys" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Gara deňiziň gazynyň oduny 20-nji aprelde Filýosda ýakarys" diýip habar berdi

1970653
Erdogan: "Gara deňiziň gazynyň oduny Filýosda ýakarys" diýdi

Prezident Erdogan käbir telewideniýe kanallarynyň umumy ýaýlymynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Prezident Erdogan "Energetikada täze bir buşlukly habar bolarmy?" soragyna: "20-nji aprelde Gara deňizdäki gazymyzy çykarmaga başlarys. Gara deňiziň gazynyň oduny 20-nji aprelde Filýosda ýakarys, soň bolsa Türkiye ýerli gazyny ulanmaga başlar. Uzak ýyllaryň dowamynda üstünde işlän energiýa garaşsyzlygymyz şol gün Gara deňizden başlap tolkun görnüşde bütin ýurda ýaýrar" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Aksa metjidine garşy guran hüjümlerini ýazgardy. 

Remezan aýynda guralan şol hüjümleriniň kabul edilmesizdigini aýdan Prezident Erdogan: "Ony Daşary işler ministrligimiziň üsti bilen beýan etdik, ýazgardyk. Men hem beýanatlarymda şolar ýaly görnüşde ýazgarýaryn. Hiç bir howpsuzlyk aladasy bular ýaly adamkärçiliksiz çemeleşmäniň sebäbi hökmünde beýan edilip bilinmez. Aksa metjidiniň taryhy statusyna we ruhy gymmadyna, palestinalylaryň yanançlaryna we ýaşaýyş bilen bagly azatlyklaryna garşy edilen şol hereketler we wehimler çürt-kesik bes edilmelidir. Ysraýyl ýagdaýy dartgynlaşdyrjak, dartgynlygy artdyrjak ädimlerden ýüz öwürmelidir. Biziň sinagogalara garşy şolar ýaly görnüşli hüjümlerimiz barmy? Jöhitleriň ybadathanalaryna garşy  hüjümlerimiz boldumy? Sebäbi olary mukaddes hökmünde garaýarys. Islendik ýagdaýda we şertde palestinaly doganlarymyzyň ýanynda durmaga, mukaddesliklerimize eýe çykmaga dowam ederis. Muny hem Ysraýyl şolar ýaly bilsin" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar