6-njy Fewraldan Bäri 345 Çadyr we 305 Konteýner Şäherçe Guruldy

Çadyrlarda 2 million 626 müň 212 adam ýaşaýar.

1970431
6-njy Fewraldan Bäri 345 Çadyr we 305 Konteýner Şäherçe Guruldy

 

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri zerarly uly ýitgi çeken welaýatlarda 345 çadyr we 305 hem konteýner şäherçe guruldy.

Içeri işler ministrligi, ýer titremelerinden soň mart aýynda alnyp barylan işler hakynda maglumat berdi.

Içeri işler ministrliginiň görkezijilerine görä, ýer titremeleri zerarly uly ýitgi çeken 8 welaýatda gurlan 345 çadyr şäherçede guruldy.

Çadyr şäherçelerde hem 656 müň 553 çadyr guruldy.

Şol çadyrlarda 2 million 626 müň 212 adam ýaşaýar.

Ýer titremeleriniň başdan geçirlen gününden bäri 305 konteýner şäherçe guruldy.

10 welaýatda gurulmagy meýilleşdirlen 132 müň 447 konteýnerden 49 müň 202-niň gurluşygy tamamlandy.

Konteýnerlerde ýaşaýanlaryn sany 78 müň 718 adama ýetdi.

Ýer titremeleriniň başdan geçirlen welaýatlarynda 191 müň 498 adam iş alyp barýar.

Sebitden göçürlenleriň sany bolsa 1 million 549 müň 344 adama ýetdi.



Degişli Habarlar