Türkiye bilen Gresiýanyň arasynda gepleşikler geçirildi

Gresiýa bilen gatnaşyklarda "Oňyn gün tertip" tapgyry  gaýtadan başlandy

1963646
Türkiye bilen Gresiýanyň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkiyäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Burak Akçapar, grek kärdeşi Konstantinos Fragkogiannis bilen maslahat geçirdi. 

Beýanat Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berildi. 

Türkiyäniň we Gresiýanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Bilelikdäki hereket meýilnamasynyň 4-nji tapgyr gepleşikleri üçin Ankarada maslahat geçirdiler. 

Maslahatda Oňyn gün tertip sanawynda bar bolan meselelerde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ara alynyp maslahatlaşyldy. 

25 aýry ugur boýunça gazanylan ugurlar boýunça jikme-jik täzelenmäniň edilendigi mälim edildi.

Ençeme maddanyň üstünlik bilen netijelenendigi aýan edildi. 

Gepleşikleriň barşynda nobatdaky ýokary derejeli maslahatda gol çekiljek degişli ylalaşyklaryň gutarnykly ýagdaýa gelmegi üçin bir çarçuwa emele getirildi. 


Etiketkalar: #Gresiýa , #Türkiye

Degişli Habarlar