Mewlüt Çawuşoglu, BAE-niň Daşary Işler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşoglu bilen Nahaýan iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 50 ýyllygy hakynda pikir alyşdy.

1963196
Mewlüt Çawuşoglu, BAE-niň Daşary Işler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şyh Abdullah bin Zaýid Al Nahaýan bilen iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 50 ýyllygy hakynda pikir alyşdy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Mewlüt Çawuşoglu,  Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şyh Abdullah bin Zaýid Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Çawuşoglu bilen Nahaýan telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 50 ýyllygy bilen birlikde özara syýasy we ykdysady gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Çawuşoglu, 6-njy fewralda Türkiýede bolan ýer titremelerinden soň arkalaşykly hereket edendikleri we beren kömekleri üçin Birleşen Arap Emirliklerine sagbolsun aýtdy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Mewlüt Çawuşoglu Madagaskaryň Daşary işler ministri Iwett Silla telefon edip, täze wezipesi bilen gutlady.

 

 

 

 



Degişli Habarlar