Hulusi Akar Stambul Galla geçelgesi ylalaşygy bilen bagly beýanat berdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Stambul Galla geçelgesi ylalaşygy bilen bagly Russiýa we Ukraina bilen gepleşikleriň dowam edýändigini habar berdi

1961524
Hulusi Akar Stambul Galla geçelgesi ylalaşygy bilen bagly beýanat berdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň ýolbaşçylyk etmeginde Gury ýer güýçleriniň Ýokary derejeli bilelikdäki operasiýa merkezinde serhet zolagyndaky we serhetden uzakdaky harby birikmeleriň serkerdeleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, maslahatda 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli başdan geçirilen azyk krizisi howpunyň ortadan aýyrlmagy bilen bagly Türkiyäniň tagallalary esasynda döredilen "Galla geçelgesi" gollanmasynyň üstünde durup geçdi. 

Hulusi Akar: "Möhlet gutaryp gelýär. Onuň ýaňadandan, başlangyçdaky şertleri öz düzüminde saklajak häsýetde dowam etmegi babatynda Russiýa we Ukraina bilen ýazyşmalarymyz, duşuşyklarymyz dowam edýär" diýip habar berdi. 

Sebitde od açmazlyk baradaky ylalaşygyň ýola goýulmagy, akýan ganyň durmagyny dileýändiklerini aýdan Hulusi Akar, bu babatda Prezident Rejep Taýýip Erdogan başda bolmak bilen degişli ministrleriň gepleşiklerini dowam etdirýändigini belledi, islenýän netije gelinjekdigini umyt edýändigini beýan etdi. 

Türkiyäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň we BMG-nyň arasynda 22-nji iýulda Stambulda baglaşylan Galla geçelgesi ylalaşygynyň möhledi şu gün dolýar. Ylalaşygyň möhlediniň uzadylmagy üçin gepleşikler dowam edýär. 



Degişli Habarlar