Hulusi Akar: "6-njy fewraldan bäri 53 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, 6-njy fewraldan bäri 53 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

1958430
Hulusi Akar: "6-njy fewraldan bäri 53 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Hataý welaýatynyň Antakýa şäheriniň Serinýol etrapçasynda Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň Logistik goldaw bazasynda Anadoly habarlar agentligine beýannama berdi. 

Terror guramasy PKK barada Milli Goranmak ministri Hulusi Akar: "6-njy fewraldan bäri 8 aýry hüjüm guraldy. Sessiz galmadyk, gerek bolan garşylyk görkezildi, 53 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar: "ÝPG terror guramasy we PKK şol bir terror guramasydyr. Dostlarymyzdan we ýaranlarymyzdan indi mundan beýläk garşy çykman hakykaty görmeklerine, düşünmeklerine garaşýarys" diýip mälim etdi. 

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy babatynda bolsa Milli Goranmak ministri Hulusi Akar: "Beren sözlerini ýerine ýetirmeklerine garaşýarys, biz hiç wagt NATO-nyň açyk gapylar syýasatyna garşy bolmadyk" diýip belledi. 

F-16-laryň satyn alynmagy bilen bagly Hulusi Akar: "ABŞ-nyň Goranmak ministrligi bilen gepleşikler oňyn nokada ýetdi. Ak Tam tarapyndan goldanýandygyny bilýäris. Kongresiň oňyn karar kabul etmegine garaşýarys. Bu meselede çäresiz däldigimizi, elimizde başga ýollaryň bardygyny her kimiň bilmegini isleýäris" diýip habar berdi. 

Hulusi Akar Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagy bilen bagly bolsa: "Taraplaryň ikisi hem meselä oňyn çemeleşýär, oňyn netijelenjekdigine ynanýarys. 18-nji martda möhlediň uzadyljakdygyny pikir edýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar