Türkiýe ABŞ-nyň 2021-nji Ýyl Boýunça Terrorizm Habarnamasyna Reaksiýa Bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Tanžu Bilgiç ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň 2021-nji ýyl boýunça Terrorizm habarnamasy hakynda ýazmaça beýannama berdi.

1954193
Türkiýe ABŞ-nyň 2021-nji Ýyl Boýunça Terrorizm Habarnamasyna Reaksiýa Bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Tanžu Bilgiç habarnama hakynda beren ýazmaça beýannamasynda; “ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň 2021-nji ýyl boýunça Terrorizm habarnamasy ýurdumyzyň howpsuzlygyna gönüden wehim salýan terror guramalaryna garşy göreşini bilkastlaýyn ýoýýar” diýilýär.

Türkiýäniň PKK/PÝD/ÝPG, DHKP-J, FETÖ we DESAŞ ýaly terror guramalaryna garşy tapawut goýmazdan edýän göreşini kanuny esasda alyp barýandygyny we bu ugurda halkara tagallalara netijeli goşant goşýandygyny beýan eden Bilgiç, habarnamada terror guramasy PKK-nyň bölümlerinden biri bolan “SDG-niň” hamla diýersiňiz ABŞ-nyň DEAŞ-a garşy göreşdäki hyzmatdaşy hökmünde häsýetlendirilmetiniň, “adybir terror guramasyna garşy göreş üçin beýleki bir terror guramasyndan peýdalanmagyň ýalňyşlygyna Amerikan tarapynyň henizem düşünmändigini” görkezýändigini beýan etdi.

Habarnamada, metbubagyň taraply habarlaryna salgylanylyp, Türkiýäniň Siriýada we Yrakda terrorizme garşy geçirýän operasiýalarynyň asuda ilatyň ýitgi çekmegine sebäp bolýandygy hakynda günäkärlemelere orun berilmeginiň hem “özbolyşly ýerliksizlikdigini” nygtan Bilgiç; “2016-njy ýylda ýurdumyzdaky pajygaly agdarlyşyk synanşygynyň günäkär bolan we ABŞ bilen bilen bilelikde ýerleşýän her bir ýurdunda jenaýat işlerine goşulyşan FETÖ-niň terror guramasydygy türk kazyýeti tarapyndan anyk delillere esaslanýan kazyýet kararlary bilen subut edildi. Şol sebäpli habarnamada FETÖ-niň ýaranlaryna garşy göreşimiziň syýasy mazmunly hökmünde häsýetlendirilmegi kabul edilmesizdir. Biz ABŞ-dan gysga möhletde ýurdundaky FETÖ ýaranlaryny we onuň işlerini bes etmegine garaşýarys” diýdi.

Bilgiç beýleki tarapdan habarnamada “myş-myşlara we tarapgöý metbugatyň habarlaryna esaslanýan” günäkärlemelere orun berilmeginiň habarnamanyň ynamdarlygyna şübhe döredýändigine ünsi çekip; “ABŞ-ny ýaranlyk ruhuna laýyklykda ýurdumyz bilen arkalaşmaga, terrorizme garşy göreşde durnukly, egilşiksiz we netijeli çemeleşmä çagyrýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar