Tedros Adhanom Gebreýesus Ýer Titremeleriniň Başdan Geçirlen Sebitlerine Bardy

Gebreýesus, ýer titremelerinden soň türk halky bilen arkalaşykly hereket edýändiklerini görkezmek üçin düýn Gaziantepe geldi.

1952776
Tedros Adhanom Gebreýesus Ýer Titremeleriniň Başdan Geçirlen Sebitlerine Bardy
dso ghebreyesus deprem.jpg

 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş müdüri Tedros Adhanom Gebreýesus, Türkiýede ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerinde gurlan göçme hassahanalara we çadyr şäherlere baryp ýolbaşçylardan maglumat aldy.

Gebreýesus, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň türk halky bilen arkalaşykly hereket edýändiklerini görkezmek üçin düýn Gaziantepe geldi.

Gebreýesuse saparynyň çäginde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadan jogapkär ýolbaşçysy Hans Kluge hem ýoldaşlyk etdi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş müdüri Tedros Adhanom Gebreýesus şu gün hem Hataýyň Kyrykhan etrapçasynda Belgiýa tarapyndan gurlan göçme hassahana baryp gördi.

Gebreýesus sapary hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Saglygy goraýyş ministrliginiň utgaşdyryjysy lukman Esra Paçajynyň ýer titremelerinden soň saglygy goraýyş pudagy taýdan durmuşa geçirilýän işler hakynda maglumat berendigini mälim etdi.

 



Degişli Habarlar