Prezident Erdogan Adyýaman welaýatyna gitdi
Prezident Rejep Taýýip Erdogana Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli ýoldaşlyk edýär
1952105

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 6-njy fewralda başdan geçirilen, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan we ýurduň 11 welaýatyna täsir ýetiren ýer titremelereden soň indi bolsa Adyýaman welaýatyna gitdi.
Prezident Rejep Taýýip Erdogana Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli ýoldaşlyk edýär.
Prezident Erdogan Adyýamanyň merkezi bilen Gölbaşy etrabyna baryp, ýer titremede zyýan çeken adamlar bilen duşuşyk geçirer, ýer titremelerden soň başladylan işlere gözegçilik eder.