Türkiýäniň BMG-nyň Ýanyndaky Hemişelik Wekili Öz Işine Başlady
Ynanç hatyny Baş sekretara gowşuran Önal, resmi taýdan wezipesine başlady.
Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Sedat Önal, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşe ynanç hatyny gowşurdy.
Guterreş, ilçi Önali ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-nyň merkezinde kabul etdi.
Kabul edilşikde ynanç hatyny Baş sekretara gowşuran Önal, resmi taýdan wezipesine başlady.
Guterreş bilen Önal kabul edilşikde şeýle hem Türkiýede bolan ýer titremeleri we Ukraina we Russiýanyň arasynda gazanylan galla we dökün ylalaşygy hakynda pikir alyşdy.
Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky Hemişelik Wekili wezipesini ilçi Feridun Sinirlioglundan kabul edip alan Önaş, 2018-nji ýyldan bäri Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Moskwa Bardy
Numan Kurtulmuşyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.