Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 42 Müň 310 Adama Ýetdi

Ýerli we daşary ýurtly 14 müň 740 gözleg we halas ediş işgäriniň işleýän sebitde jemi 242 müň 392 işgär iş alyp barýar

1949609
Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 42 Müň 310 Adama Ýetdi

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 42 müň 310 adama ýetdi.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD, ýer titremelerinde 42 müň 310 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Ýer titremäniň başdan geçirilen sebitinden 448 müň 18 adamyň ewakuasiýa edilendigini aýdan AFAD, ýer titremäniň täsir ýetiren welaýatlarynda 270 aýry nokatda gurulan çadyr şäherçelerde 300 müň 809 çadyryň gurluşygynyň tamamlanandygyny beýan etdi. 

AFAD 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýatynda we 20-nji fewralda Hataý welaýatynda bolan ýer titremelerinden soň 7 müň 242 ýer yranmanyň bolandygyny habar berdi. 

Ýerli we daşary ýurtly 14 müň 740 gözleg we halas ediş işgäriniň işleýän sebitde jemi 242 müň 392 işgär iş alyp barýar. 



Degişli Habarlar