Kataryň Emiri Türkiyede saparda bolýar

Duşuşyk Stambul şäherindäki Wahdetin köşgünde metbugata ýapyk häsýetde geçdi

1945421
Kataryň Emiri Türkiyede saparda bolýar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan "Asyryň betbagtçylygy" hökmünde häsýetlendirilýän güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeler sebäpli Türkiyä sapar guran Kataryň Emiri Şeýh temim bin Hamed Al Sanini kabul etdi. 

Stambul şäherindäki Wahdetin köşgünde metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşykda, Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Kataryň Emiri Şeýh temim bin Hamed Al Sani gepleşikler geçirdiler. 

Kataryň Emiri Şeýh temim bin Hamed Al Sani 6-njy fewralda başdan geçirilen we ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerden soň Türkiyä sapar guran ilkinji daşary ýurtly lider boldy. 



Degişli Habarlar