Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 22 Müň 327 Adama Ýetdi

Ýer titremesinde ýykylan binalarda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

1945263
Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 22 Müň 327 Adama Ýetdi

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde 22 müň 327 adam ýogaldy.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinde 22 müň 327 adamyň ýogalandygyny, 80 müň 278 adamyň hem ýogalandygyny nygtady.

Ýer titremesiniň başdan geçirlen welaýatlaryndan 102 müň 388 adam hem başga ýere göçürildi.

Gözleg, halas ediş we kömek işlerine 166 müň 334 gatnaşýar.

68 ýurtdan 8 müň 326 adam hem gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýar.

102 müň 274 maşgala üçin çadyr guruldy.

Ýer titremesinde ýykylan binalarda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.



Degişli Habarlar