Harabalyklaryň Aşagyndan Şatlykly Habarlar Gelmäge Dowam Edýär

Ýer titremesiniň üstünden birnäçe günüň geçendigine garamazdan harabalyklardan umytlandyran habarlar gelmäge dowam edýär.

1944729
Harabalyklaryň Aşagyndan Şatlykly Habarlar Gelmäge Dowam Edýär

Türkiýäni ýasa bogan 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremesinden soň gözleg we halas ediş toparlary harabalyklaryň aşagyndan şatlykly habarlaryň alynmagy üçin arman-ýadaman işleýär.

 Ýer titremesiniň üstünden birnäçe günüň geçendigine garamazdan harabalyklardan umytlandyran habarlar gelmäge dowam edýär.

Hataý welaýatynyň Antakýa etrabynda, ýer tiremesinden 101 sagat soň 30 ýaşyndaky Hikmet Ýigitbaşy, 101 sagat soň Diýarbakyrdan hem ejesi bilen ogly harabalygyň aşagyndan ýaralanan ýagdaýda halas edildi.

Kahramanmaraşda 99 sagat soň 1 adam, Hataýda 98 sagat soň 1 adam, 96 sagat soň bolsa 1,5 ýaşyndaky Sela bäbejik bilen maşgalasyndan 4 adam harabalygyň aşagyndan sag aman halas edildi.

Hataýda 10 günlik bäbejik bilen ejesi hem 90 sagat soň harabalygyň aşagyndan sag aman halas edildi.

Gaziantepde harabalygyň aşagynda galan 17 ýaşyndaky Adnan Korkut hem 94 sagat soň sag aman halas edildi.

 



Degişli Habarlar