Ýykylan Binalaryň Harabalygyndan Umytlandyran Habarlar Gelmäge Dowam Edýär
Malatýada harabalygyň aşagynda galan zenan 55 sagat soň halas edildi.
1943869

Güýç merkezi Kahramanmaraş bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýykylan binalaryň harabalygyndan umytlandyran habarlar gelmäge dowam edýär.
Malatýada harabalygyň aşagynda galan zenan 55 sagat soň halas edildi.
Göktug köçesinde ýykylan binanyň harabalygynda galan 40 ýaşyndaky Birgül Aranyr, hassahanada bejergi astyna alyndy.
Kahramanmaraşyň Elbistan etrabynda hem 5 gatly binanyň harabalygynyň aşagynda galan 38 ýaşyndaky Rahime Demirji, ýangyn söndürijiler tarapyndan 52 sagat soň sag aman halas edildi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Terrorizme Garşy Göreşi Dowam Eder
Bu barasynda Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Baş ilçi Sedat Önal beýan etdi.