Şwesiýanyň Goranmak Ministri Türkiýede Saparda Bolar

Jonson “Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň çakylygyna laýyklykda geljek hepde Ankara sapar guraryn” diýdi.

1935339
Şwesiýanyň Goranmak Ministri Türkiýede Saparda Bolar

Şwesiýanyň Goranmak ministri Pal Jonson geljek hepde Türkiýede saparda boljakdygyny mälim etdi.

Jonson, paýtagt Stokgolmda Premýer-ministr Ulf Kristersson bilen birlikde metbugata beýannama berdi.

Jonson beýannamasynda “Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň çakylygyna laýyklykda geljek hepde Ankara sapar guraryn” diýdi.

Türkiýe bilen NATO agzalyk gepleşikleriň çäginde baglaşylan şertnama hakynda durup geçen Jonson “Türkiýe bilen üçtaraplaýyn şertnama baglaşyldy. Şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça uly öňe gidişlik edildi” diýip belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar