Mikotakisiň Diskurslary Sebitiň Ykbalyny Kesitlemek Üçin Ýeterlik Däl
Prezident R.T.Erdogan Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakisiň diskurslarynyň sebitiň ykbalyny kesgitlemek üçin ýeterlik däldigini aýtdy.

Stambulda juma namazyndan soň žurnalistlere beýanat beren Prezident Erdogan, Gresiýanyň soňky döwürdäki başlangyçlary hakynda; “Adalary ýaraglandyrmak arkaly hem Lozanna hem beýleki ylalaşyklar ters hereket edýärler. Mikotakisiň bu diskurslary, esasanda sebitiň ykbalyny kesgitlemek üçin ýeterlik däl” diýdi.
Şwesiýanyň Dawos şäherçesinde guralan Bütindünýä ykdysadyýet forumynyň çäginde interwýu beren Kirýakos Mikotakis Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda soňky üç ýylda eneçeme dartgynlygyň başdan geçirilendigini, meseleleriň çözüljekdigini beýan edipdi.
Prezident R.T.Erdogan “The Ekonomist” žurnalynyň Türkiýedäki saýlawlar boýunça masgaraçylykly habary hakynda bolsa; “Türkiýäniň ykbalyny iňlis žurnaly kesgitleýärmi? Meniň milletim kesgitleýär. Meniň milletim näme diýse, Türkiýede şol bolar” diýip, jogap berdi.
Degişli Habarlar

Emine Erdogan BMG-nyň çakylygyna laýyklykda Nýu-Ýorka gider
BMG-nyň Baş Assambleýasy şol karar bilen 30-njy marty Halkara Nol galyndy güni hökmünde yglan etdi

Hakkari welaýatynda PKK-a degişli köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy
Gaçybatalgada PKK/KJK terror guramasyna degişli köp mukdarda ýarag, ok-däri we enjam tapyldy