Mewlüt Çawuşogly eýranly kärdeşi Abdullahiýan bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, terror guramasy PKK-a garşy göreş boýunça Eýran bilen aragatnaşyk içindediklerini beýan etdi

1934224
Mewlüt Çawuşogly eýranly kärdeşi Abdullahiýan bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankara şäherinde Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen geçiren duşuşygyndan soň, umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Türkiye bilen Eýranyň arasyndaky dowamly häsýetde geçirilýän gepleşiklerde ýola goýulan itergini nygtap geçen Mewlüt Çawuşogly: "Eýran takmynan 4 asyr bäri üýtgemeýän, serhetdeş bolan gadymy goňşymyz, doganlyk ýurt" diýip nygtady. 

Türkiyäniň we Eýranyň terror howpyna sezewar bolan ýurtlardygyna ünsleri çeken Mewlüt Çawuşogly: "PKK howpunyň ortadan aýrylmagy üçin Türkiye hökmünde gerek bolan çäreleri görýäris, gerek bolan ädimleri edýäris. Gynansagam Eýran tarapynda hem PKK barlygyny dowam etdirýär. Bu babatda hem Içeri işler ministrligimiz, howpsuzlyk gulluklarymyz, razwedkamyz geçmişde gerek bolan maglumatlary paýlaşdylar. Biziň terrorçylar bilen kürt doganlarymyzy tapawutlandyryp, terrorçylara garşy göreş alyp barmagymyz gerek" diýip belledi.

Eýranyň Daşary işler ministri bolsa howpsuzlyk babatynda geňeşmeler geçirendiklerini aýdyp: "Türkiye bilen terrora garşy göreşdäki hyzmatdaşlygymyz, iň ýokary derejede hyzmatdaşlygymyz bolan ugurdyr" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar