Mewlüt Çawuşogly güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýannama berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gresiýanyň Egeý deňizinde territorial suwlarynyň 1 mil hem giňelmegine rugsat bermejekdiklerini nygtady

1925339
Mewlüt Çawuşogly güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýannama berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paýtagt Ankara şäherinde ýyllyk netijelendirme maslahatynda, Gresiýa bilen şu ýylyň başynda diýalog kanallaryny ýola goýmaga synanyşandyklaryny, geňeşmeleriň 64-njisini fewral aýynda geçirendiklerini habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, ondan soň Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakisiň Türkiyä garşy kampaniýa başlatmagy, Egeý deňizindäki eden-etdilikleri, genosid bilen bagly öňe sürmeleri we Günbatar Frakiýadaky türklere garşy basyşlary sebäpli şol diýalogy goý bolsun edendiklerini mälim etdi. 

Soňky günlerde Gresiýanyň metbugatynda esasan Krit adasynyň territorial suw giňişliginiň 12 mile ýetiriljekdigi bilen bagly habarlaryň üstünde durup geçen Mewlüt Çawuşogly: "Ol 12 mil eken, Egeý deňizinde 1 mil hem giňelmegine rugsat bermeris. Mejlisimiziň bu meselede 1995-nji ýylda kabul eden karary çürt-kesikdir we entegem öz güýjüni goraýar. Gresiýa ýene-de bir gezek duýduryş berýäris: Arkaňa almaga synanyşýanlaryňa ynanyp galp gahrymançylyk etjek bolma. Başdan geçirmelere ýüz tutma. Soňy siz üçin hiçem gowy bolmaz" diýip habar berdi. 

Terrora garşy göreşiň Türkiyäniň gün tertibindäki iň möhüm ugurlaryň biridigini aýdan Mewlüt Çawuşogly, BMG, ABŞ, Russiýa, Yrak we Siriýa bilen gepleşikleriň dowam edýändigini, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň we Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidanyň düýn Moskwada gepleşikler geçirendiklerini aýan etdi. 

Özüniň hem Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyk geçirjekdigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Sebitde ýezidiler, assiriýalylar, kürtler, türkmenler bilen gepleşikler geçirýäris. Her kim bizi PKK-dan halas ediň diýär" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly düýn geçirilen Türkiyäniň, Russiýanyň we Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň arasyndaky üçtaraplaýyn maslahatyň, peýdaly bir gepleşik bolandygyny belläp, hemişelik parahatçylyk we durnuklylyk üçin Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen aralaryndaky jogapkärçilikleriň möhümdigini beýan etdi.

"Terror guramasy PKK/ÝPG biz üçin howp, aslyna garanyňda Siriýa üçin has hem uly howp, sebäbi separatistik gün tertibi bar" diýip aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Öňümizdäki tapgyrda terrora garşy göreşde umumy esas bolup bilse, şol göreşde bilelikde hereket edip bolar" diýip mälim etdi. 

Asada tabynlykdaky güýçleriň hem siriýalylaryň ýurtlaryna gaýdyp barmaklaryny isleýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Olaryň oňyn bir ýagdaýda janlarynyň howpsuzlyklary üpjün edilip yzyna gaýdyp barmaklary möhüm" diýip beýan etdi. 

Fransiýanyň paýtagty Pariždäki hüjümleriň, terrorçylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamgyň nähili täsiriniň bolýandygyny ýene-de bir gezek görkezendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Hemişe belläp geçýärdik: Ot bilen oýnamaň, günleriň birinde özüňizi hem ýakar diýip aýdypdyk. Hyzmatdaşlarymyz ondan gerek bolan sapagy alandyr we terrora garşy göreşde has ysnyşykly hereket ederler diýip umyt edýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar