Altun Howanyň Üýtgemegine Gaşy Göreş Hakynda Beýannama Berdi

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun jogapkärçilikli we düşünjeli sarp edijiligiň howanyň üýtgemegi bilen bagly global meseleler boýunça düýpli strategiýa degişli edilmelidigini aýtdy.

1920835
Altun Howanyň Üýtgemegine Gaşy Göreş Hakynda Beýannama Berdi

Altun: “Liderlerimiz öz borçlaryny berjaý edýärler, dünýäniň beýleki liderleri hem şeýle etsinler” diýdi.

Altun merkezi Katarda ýerleşýäň “Al Jazira teýaýlymyna interwýu berdi.

Howanyň çalyşmagynyň adamzadyň öňündäki durýan esasy bökdençliklerdem biridigini nygtap, Türkiýäniň halkara derejesinde edilýän ähi tagallalara goşant goşýandygyny, Prezident R.T.Erdoganyň liderliğinde howanyň üýtgemegi hakyndaky esasy ylalaşyklara gol çekmegiň ýany bilen türk milleti üçin bolşy ýaly Ýewrpopa üçin hem energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna öňbaşçylyk edýäňdigini nygtady.

“Nol zyňyndy” boýunça 2017-nji ýyldan bäri milli mobilizlenmä öňbaşçylyk edýän Prezident Erdoganyň maşgalasy Emine Erdoganyň, liderligi hem-de insiatiwasy bilen global nol zyňyndy hereketine öňbaşçylyk edýändigini aýdan Altun; “Türkiýäniň BMG-niň soňky Sessiýasynda kabuyl edilen nol zyňyndy karary, BMG tarapyndan kabul edilen durnukly galkynyş maksatlaryna bolan tabynlygymyzyň öwrülşik nokadyny emele getirýär” diýdi.

Türkiýäniň howanyň çalyşmagy sebäpli ýüze çykan çökgünligiň hakykylygyna we oňa garşy gyssagly işe girişilmelidigine uzak ýyllardan bäri göz ýetirip gelýändigini aýdan Altun; “Medeniýetimiz we däp-dessurlarymyz bize elmydama isribiň we dünýäni aýawsyz saklamagyň geljek nesilleri edilen haksyzlykdygyny öwretdi” diýdi.

 



Degişli Habarlar