Türkiýede Bökdençlikleriň Ählisini Ortadan Aýyrdyk

Prezident R.T.Erdogan Stambul Adam Resurslary maslatyna ýüzlenme ugratdy.

1914833
Türkiýede Bökdençlikleriň Ählisini Ortadan Aýyrdyk

 

Prezident R.T.Erdogan haýsy dine uýýandygyna, garaýyşyna, etniki gelip çykyşyna garamazdan ähli raýatlaryň diskriminasiýa sezewar bolmaýan, hyýallaryna barýan ýolda bökdensiz şertleri ýurtda hökmürowan kylandyklaryny beýan etdi.

Prezident Erdogan Stambul maslahatlar merkezinde Prezidentiň ýanyndaky Adam resurslary ofisi tarapyndan “Täze asyryň ukyp merkezi” temasy bilen dekabr aýynyn 5-6-sy aralyğynda guralýan Stambul Adam Resurslary maslatyna ýüzlenme ugratdy.

Materikleriň we medeniýetleriň çatrygynda ýerleşýän Stambula gelen mihmanlara “Hol geldiniz” diýen Erdogan; “Türkiýe şert deňligi, aç-açanlyk, täzeçillik we mynasyplyk ýaly gymmatlyklara esaslanýan adam resursy medeniýeti döwlet hem-de hususy eýeçiligimize ornaşdyrmaga çalyşýarys. Soňky 20 ýylda demokratiýa, başlangyç adam hukuklary we azalyklary, infrastruktura maýa goýumlary bilen digitallaşma uğurlarynda eden başlangyçlarymyz bilen bu ugurda uly öňegirişlikler etdik. Haýsy dine uýýandygyna, garaýyşyna, etniki gelip çykyşyna garamazdan ähli raýatlaryň diskriminasiýa sezewar bolmaýan, hyýallaryna barýan ýolda bökdensiz şertleri ýurdumyzda hökmürowan kyldyk” diýdi.

Prezident dolanşygy ulgamy bilen ýurdun adam resurslarynyň has ýerlikli dolandyrylmağy taýdan konstruktiw gerimini hasam giňeldendiklerini beýan eden Erdogan; “Raýatlarymyzyň ukyplaryny we ygyýarlyklaryny hasam artdyrjak, giň gerimli we elýeterli adam resursy çeşmesi modelini ýurdumyzda ornaşdyrdyk. “Türkiýe Asyry” konsepsiýamyzyň çäginde bu modeli düýpli ornaşdyrmagy, kämilleşdirmegi nazarda tutýarys. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 3 müňden gowrak gatnaşyjyny özünde jemlän guramanyň halkara derejesinde tejribe we maglumat alyşmaga şert döredip, bize bu tagallalarymyzda goşant goşjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar